Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän «Burj Halifa» binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili şöhlelendirildi
Milli senenamamyzyň iň naýbaşy baýramçylygy – Garaşsyzlyk güni tutuş ýurdumyzda giň gerimde bellenildi. Il-ulsumyz bilen birlikde, dünýä jemgyýetçiligi hem bu baýramyň şatlygyna goşuldy. Soňky ýyllarda dostlukly döwletlerde iri şäherleriň belent başly binalaryny Türkmenistanyň Döwlet tugunyň ýalkym saçýan şekilinde bezäp, türkmen halkyny milli baýramy bilen gutlamak asylly däbe öwrüldi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli bellenilen gününde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäniň iň beýik «Burj Halifa» binasynyň ýüzünde ýurdumyzyň döwlet baýdagynyň şekiliniň şöhlenendirilmegi beýik binalaryň öz boluşly ýaraşgyna öwürdi. Örän täsirli şöhlelenme beýikligi 828 metre deň bolan binany türkmen gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwüşgin atýan al-ýaşyl sütüne öwürilmegi iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.